Türkmenistan Ženewada häkimleriň sammitinde birnäçe teklipleri öňe sürdi

  • 02.10.2024 19:06
  • 5.3k+

Awaza etrabynyň häkimi D.Jumaýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 30-njy sentýabryndan 1-nji oktýabry aralygynda Ženewa şäherinde geçirilen «Geljegiň şäherleri» atly şäher häkimleriniň sammitine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Sammit BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy (UNECE) tarapyndan guraldy.
D.Jumaýew öz çykyşynda Türkmenistanyň durnukly şäher ösüşi ugrundaky üstünliklerini belläp, durmuşyň hilini ýokarlandyrmaga we ilat üçin döwrebap şertleri döretmäge gönükdirilen üstünlikli taslamalar barada gürrüň berdi.
Şäher meýilnamasy we durnukly ösüş pudagynda öňdebaryjy çözgütleriň ulanylmagynyň mysaly bolan «akylly» Arkadag şäheriniň taslamasyna aýratyn üns berildi. Şeýle hem dynç alyş we sagaldyş üçin döwrebap infrastruktura eýe bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy tanyşdyryldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti suw baýlyklaryny dolandyrmak we şäherli ýaşlaryň ösüşi boýunça halkara dialogyny başlatmagy teklip etdi. Hususan-da, UNECE-iň howandarlygynda suw baýlyklaryny dolandyrmak boýunça täze hukuk guralyny döretmek, şeýle hem Arkadag şäherinde ýaşlaryň halkara duşuşygyny geçirmek teklip edildi.


düýn 20:55
1.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......