Raşid Meredow ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen duşuşdy

  • 29.09.2024 20:20
  • 8.5k+

27-nji sentýabrda Nýu-Ýork şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde «C5+1» formatyndaky duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Raşid Meredow öz çykyşynda bu formatyň, şeýle-de ykdysadyýet, howpsuzlyk, energetika we howanyň üýtgemegi ýaly möhüm ugurlarda bilelikdäki işiň netijeliligini belläp geçdi.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň ýokarda agzalan we beýleki ugurlar boýunça Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatyndaky garaýyşlary mälim edildi.
Köptaraplaýyn duşuşyk tamamlanandan soňra Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň strategiki ähmiýetli meseleleri boýunça özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek barada pikir alyşdylar.
Soňra iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda türkmen-amerikan gepleşikleri geçirildi.
Amerikan tarapyna ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk Geňeşiniň Uly Direktory Nikolas Berliner ýolbaşçylyk etdi. Şeýle-de amerikan tarapyndan ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýörite geňeşçisi Sara Minkara, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň bölüm müdiri Tom West, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň bölüm utgaşdyryjysy, Ilçi Elizabet Riçard we beýleki resmi adamlar gatnaşdylar.
Gepleşikleriň barşynda gatnaşyjylar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryna garadylar. Hususan-da, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň zerurdygy bellenildi.
Energetika meselelerine hem aýratyn üns berildi. Şol bir wagtyň özünde, bu ugurdaky özara gatnaşyklarda toplanan köpýyllyk tejribä esaslanyp, Türkmenistanyň we ABŞ-nyň häzirki wagtda halkara energetika pudagyndaky halkara gatnaşyklaryny göz öňünde tutmak nukdaýnazaryndan garaýandyklary nygtaldy. Şunuň bilen birlikde, taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini gözden geçirdiler. Bu babatda iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň netijeli guraly bolup durýan Türkmen-Amerikan işewürler geňeşine möhüm orun berildi.
Duşuşykda bilim, ylym we ynsanperwer ugurlaryndaky oňyn tejribä üns çekildi. Şeýle-de wekiliýetler tarapyndan ABŞ-nyň hökümetiniň akademiki alyş-çalyş maksatnamalarynyň çäklerindäki köpýyllyk iş we ýardam barada hem durlup geçildi.
Taraplar bu ugurdaky hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek barada ylalaşdylar.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......