Eýranda III asyryň başyna degişli diwar suratlary tapyldy

  • 28.09.2024 12:44
  • 6.9k+

Eýranyň Fars welaýatynyň Firuzabad şäherinde arheologlar 1700 ýyldan gowrak ýaşly gadymy suratlary tapdylar. Bu barada welaýatyň medeni miras we syýahatçylyk müdirliginiň ýolbaşçysy Mohammad Sabet Eglidä salgylanyp, Borna News habarlar gullugy habar berdi.

Suratlar biziň eýýamymyzyň III asyrynda Sasanidler nesilşalygyndan Ardaşir I (b.e.öň III-VII asyrlar) tarapyndan esaslandyrylan gadymy Gor şäheriniň ýerleşýän ýerinde geçirilen arheologiki gazuw-agtaryş işleri wagtynda tapyldy.
Gipsiň ýüzüne tebigy mineral pigmentler bilen çekilen suratlar ýüzi profil we ýarymanfas görnüşinde şekillendirýär.
Ölçegi 90x60 santimetr bolan freskleriň biri içi toýun diwarlar bilen örtülen kiçijik otagdan tapyldy. Ol Ardaşir köşgündäki suratlar bilen birmeňzeş stilde we reňklerde ýasalypdyr. Suratlaryň temasy Sasanidler nesilşalygynyň asylzada maşgalalarynyň we imperatorlarynyň durmuşy hem-de däp-dessurlary barada gürrüň berýär.
Häzirki wagtda tapyndylary goramak we muzeý sergisini döretmek boýunça işleri geçirmek meýilleşdirilýär. Bu her kime gadymy surat eserleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.
Gor şäheri Sasanidler imperiýasynyň XVIII asyrda weýran edilen öňki paýtagty. Şäher harabalyklarynyň ýerinde arheologiki gazuw-agtaryş işleri 2005-nji ýylda başlandy. 2018-nji ýylda Sasanidler döwrüniň Fars welaýatyndaky arheologiki landşafty UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.


düýn 12:00
3.5k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

19.06.2026 19:49
5k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......