Gurbanguly Berdimuhamedow “John Deere” kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy bilen duşuşdy

  • 27.09.2024 16:54
  • 14k+

26-njy sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “John Deere” kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy Çaba Leýko bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.

Hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň barşynda oba hojalygy pudagynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biridigi bellenildi. Bu pudak yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, önümçilik kuwwaty giňeldilýär, innowasion işläp taýýarlamalar, ýokary tehnologiýalar, iň gowy dünýä tejribesi ornaşdyrylýar. Türkmenistan halkara işewür toparlaryň esasy wekilleri bilen özara bähbitli gatnaşyklar üçin hemişe açykdyr.
Duşuşygyň dowamynda amerikan kompaniýasynyň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň öňden gelýän hem-de ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygy kanagatlanma bilen nygtaldy. “John Deere” kompaniýasynyň ekiş we hasyl ýygnamak üçin ulanylýan enjamlarynyň ýurdumyza yzygiderli getirilmegi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Olar oba hojalygynda netijeli peýdalanylýar we ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde ulanmak üçin netijelidigini görkezdi.
Pudaga degişli ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak hem uzak möhletleýin esasda guralýan hyzmatdaşlygyň aýratyn ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň maksadalaýykdygy bellenildi. Türkmenistan öz tarapyndan “John Deere” kompaniýasy bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr. Munuň özi pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga ýardam berer hem-de ony ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açar.
Duşuşygyň ahyrynda Çaba Leýko bildirilýän ynam üçin hoşallygyny beýan edip, “John Deere” kompaniýasynyň ýurdumyz bilen özara bähbitli işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmegi ugur edinýändigini tassyklady.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......