Gurbanguly Berdimuhamedow German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy bilen duşuşdy

  • 27.09.2024 16:47
  • 6.4k+

26-njy sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “СLAAS” kompaniýasynyň paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy Katrina Klaas-Mýulhoýzer bilen geçiren duşuşygynyň barşynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmenistan bilen German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmakda netijeli häsiýete eýedigi aýdyldy. Şunda özara bähbitli hyzmatdaşlygy, şol sanda maýa goýum ulgamyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirilýändigi tassyklanyldy.
Germaniýanyň esasy kompaniýalarynyň birnäçesiniň, şol sanda oba hojalyk enjamlaryny iri öndürijileriň biri bolan “СLAAS” kompaniýasynyň köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda üstünlikli işleýändigi bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we “СLAAS” kompaniýasynyň başlygy, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy Katrina Klaas-Mýulhoýzer birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, däp bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.


düýn 19:38
3.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 11:05
3.9k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......