Gurbanguly Berdimuhamedow Bilal Ärdogana türkmen alabaýyny sowgat etdi

  • 27.09.2024 16:37
  • 13k+

26-njy sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň ogly, Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy Bilal Ärdogany kabul etdi.

TDH agentliginiň habar bermegine görä, söhbetdeşler häzirki döwürde iki dostlukly ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ýokary derejede alnyp barylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Halklarymyzyň umumy medeni-ruhy mirasy we gymmatlyklary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy üçin berk esas bolup durýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri sporty ösdürmek bilen bagly mesele barada durup geçip, Türkmenistanyň dünýä derejesindäki ýaryşlary üstünlikli geçirmekde baý tejribesiniň bardygyny nygtady. Ýurdumyz halkara sport hyzmatdaşlygy ulgamyna işjeň gatnaşýan döwlet hökmünde çykyş edýär. Paýtagtymyzdaky döwrebap Olimpiýa şäherçesinde geçirilýän halkara derejeli ýaryşlar muňa aýdyň mysal bolup durýar. Türkmenistanda sportuň dürli görnüşleri boýunça ägirt uly üstünlikler gazanylýar. Şunda ahalteke bedewleriniň halkara derejeli çapyşyklar bilen bir hatarda, konkur bäsleşiklerine hem işjeň gatnaşýandygy bellenildi. Bu bolsa sportuň ähli görnüşleri boýunça edilýän tagallalaryň oňyn netijä eýe bolýandygyny görkezýär. Muny türkmen türgenleriniň dürli derejedäki halkara ýaryşlardaky üstünlikleri hem tassyklaýar.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow myhmana baýramçylyk sowgady hökmünde türkmen halkynyň milli buýsanjyna öwrülen alabaýlary gowşurdy. Bilal Ärdogan alabaýlary aýratyn hormat duýgusy bilen kabul etdi we iki doganlyk halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň nyşanyna öwrülen alabaýlary sowgat berendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy Türkmenistanda bolmagynyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça “akylly” şäher konsepsiýasyna laýyklykda bina edilen Arkadag şäherine baryp gördi hem-de bu ýerde gurlan dürli maksatly desgalar, netijeli zähmet çekmek, ilatyň amatly ýaşamagy üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Bu ýerde ekologik talaplaryň hasaba alnyp, innowasion çözgütleriň peýdalanylmagy myhmanda aýratyn täsir galdyrdy.


düýn 17:31
910

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....