Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygyny kabul etdi

  • 26.09.2024 23:00
  • 9k+

26-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy Bilal Ärdogany kabul etdi. Ol mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli geçirilýän toý dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti myhmanyň saparynyň çäklerinde geçiriljek gepleşikleriň we duşuşyklaryň ýurtlarymyzyň arasynda alnyp barylýan sport hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmäge hem-de ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. 
Duşuşygyň dowamynda geçen döwrüň içinde döwletara gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak we birek-birege goldaw bermek esasynda işjeň ösdürilendigi we kämilleşdirilendigi nygtaldy. 
Serdar Berdimuhamedow sport hereketini ösdürmek meselesi barada durup geçip, Türkmenistanda bu ugurda giň mümkinçilikleriň döredilendigini aýtdy. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde zerur enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman sport-sagaldyş toplumlarynyň, köpugurly stadionlaryň we beýleki degişli desgalaryň gurulmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. 
Söhbetdeşler Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň asyrlaryň dowamynda emele gelen halk oýunlaryny dikeltmekde we gorap saklamakda uly işleri alyp barýandygyny bellediler. Türkmenistanda hereket edýän  Milli sport oýunlarynyň merkezi hem şu konfederasiýanyň agzasy bolup durýar. Bu bolsa sport hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. 
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň iki dostlukly ýurduň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy, şol sanda sport diplomatiýasyny ösdürmek üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygyny tassyklady.


düýn 19:38
3.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......