Türkmenistanda awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparlarynyň täze edara binalary açyldy

  • 24.09.2024 08:10
  • 28k+

Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň welaýat Polisiýa müdirlikleriniň düzümlerinde awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparlarynyň täze edara binalary açylyp ulanmaga berildi diýip, “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Hususan-da,

  • Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Babadaýhan etrabynyň,
  • Balkan welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Magtymguly, Etrek etraplarynyň,
  • Mary welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Wekilbazar, Garagum etraplarynyň,
  • Lebap welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Halaç, Hojambaz etraplarynyň polisiýa bölümlerinde, şeýle-de Saýat etrabynyň Garabekewül şäheriniň polisiýa bölümçesinde awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparlarynyň döwrebap edara binalary dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi.

Bu binalaryň gurluşyk işleri Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Gurluşyk birleşigi tarapyndan ýerine ýetirildi. Olarda ornaşdyrylan enjamlar awtoulaglaryň dolandyryş ulgamynyň tehniki ýagdaýyny, tizlik ölçeýjisiniň işleýşini, yşyklandyryş ulgamyny, hereketlendirijisiniň bölüp çykarýan gazynyň mukdarynyň derejesini, awtoulaglaryň bildirilýän ekologik talaplara laýyklygyny, ýeňil we ýük awtoulaglarynyň duruzyjy ulgamlarynyň talabalaýyklygyny barlamak işlerini ýokary hilli geçirmäge mümkinçilik berýär.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......