Owganystanyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Aşgabatda BMG-niň syýasy geňeşçisi bilen duşuşdy

  • 23.09.2024 18:29
  • 9.4k+

Aşgabatda Owganystanyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Fazl Mohammad Sabir bilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýa boýunça Sebit merkeziniň syýasy geňeşçisi Andreý Lariniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada ORIENT agentligi Owganystanyň ýurdumyzdaky ilçihanasyna salgylanyp habar berdi.

Duşuşygyň barşynda Larin sebitiň ýurtlaryny goldamak we Owganystan bilen hyzmatdaşlygy berkitmek ýaly BMG-niň Merkeziniň esasy maksatlary barada aýratyn belläp geçdi. Ol, esasan hem, toplumlaýyn ösüş, iri infrastruktura taslamalary we täze jemgyýetçilik başlangyçlary boýunça Owganystanda ýakynda bolup geçen möhüm wakalary nygtady.
Larin şeýle hem neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşiň, täze iş orunlarynyň döredilmeginiň wajyplygy barada belläp, Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan (TOPH) taslamasynyň we Türkmenistan bilen hyzmatdaşlykdaky beýleki iri infrastruktura başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegi barada aýratyn belläp geçdi.
Sabir halkara bileleşigi bilen gatnaşyklaryň berkidilmeginde ykdysadyýete gönükdirilen syýasatyna Owganystanyň ygrarlylygyny tassyklady. Şeýle-de ol soňky üç ýylyň dowamynda Owganystanyň möhüm gazananlary, esasan hem, goňşy ýurtlar bilen, ilkinji nobatda, Türkmenistan bilen syýasy, ykdysady, ulag we üstaşyr gatnaşyklarynyň gowulandyrylmagynda ýetilen üstünlikleri barada belläp geçdi diýip, “Ariana news” habar berýär.
Mundan öň, owgan DIM-i Owganystan boýunça Moskwa formatyndaky geňeşmeleriň indiki mejlisine gatnaşmak üçin çakylyk alandygy we oňa gatnaşjakdygy barada habar berdi.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......