Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

  • 22.09.2024 14:42
  • 22k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan Prezident Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady.

"Siziň berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, mähriban halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwrebap özgertmeleriňiziň, parahatçylyk söýüjilik, dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyňyzyň, döretmek, gurmak başlangyçlaryňyzyň elmydama üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.
Siziň baştutanlygyňyzda ata Watanymyzyň beýik ösüşleriniň täze tapgyry başlandy. Döwrümiziň iri taslamasy bolan döwlet ähmiýetli Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň täze taryhy eýýamdaky ösüşleriniň, özgertmeleriniň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Siziň baştutanlygyňyzda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesi mynasybetli Köpetdagyň eteginde söz ussadynyň belent başly ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy, bu ýerde dünýä medeniýetiniň görnükli wekilleriniň 24-siniň heýkelleriniň oturdylyp, ýadygärliginiň ebedileşdirilmegi paýtagtymyzyň dost-doganlygyň we parahatçylygyň merkezi hökmündäki ähmiýetini has-da artdyrýar.
Siziň tagallalaryňyz hem-de ak pataňyz bilen, doganlyk Owganystanyň halkynyň abadan, bagtyýar ýaşaýşy üçin demir ýol, elektrik energiýasy, gaz üpjünçiligi bilen bagly iri desgalaryň açylmagy we gurluşygyna girişilmegi täze taryhy döwrümizde alyp barýan ynsanperwer daşary syýasatyňyzyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsidir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatyň hem-de ugurdaş sergileriň geçirilmegi milli ykdysadyýetimize iri möçberli maýa goýumlary çekmekde, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde möhüm ähmiýete eýe boldy" diýip Gurbanguly Berdimuhamedow Gutlagynda belleýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplarynyň "eziz Watanymyzy ösdürmekde türkmen halkyna goldaw berjekdigine, diňe bir ýurdumyzyň ylmy-edebi hazynasynda däl-de, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginiň ylmy hazynasynda hem mynasyp orun aljakdygyna pugta ynanýandygyny" belleýär.


düýn 19:38
3.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......