Serdar Berdimuhamedow 1146 adama raýatlyk we 134 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berdi

  • 21.09.2024 00:41
  • 32k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow 1146 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul  etmek hakynda Permana hem-de 134 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek hakynda Karara gol çekdi. Degişli resminamalara döwlet Baştutany 20-nji sentýabrda giňişleýin Hökümet mejlisinde gol çekdi diýip, “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mejlisiň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow  Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hem-de ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnamalary bermek meseleleri  barada hasabat berdi. 
Daşary işler ministrligi we ýurdumyzyň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan ýurdumyzyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan we döwletimiziň raýatlygyna kabul edilmegi baradaky şahsy ýüztutmalary hasaba alnan 1 müň 146 adamyň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilmegi boýunça degişli işler geçirildi. Raýatlygy almak üçin hödürlenilýän adamlar 29 milletiň wekilleri bolup durýarlar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistana gelen daşary ýurt raýatlaryna ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi baradaky şahsy ýüztutmalary hasaba alnan 134 adamyň Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi boýunça degişli işler geçirildi. Olar  6 döwletiň raýatlary we 15 milletiň wekilleri bolup durýar.
Pasportlary we degişli resminamalary gowşurmak dabarasyny ýakynda Döwlet migrasiýa gullugynyň binasynda Türkmenistanda işleýän halkara guramalaryň we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleriniň  gatnaşmagynda geçirmek meýilleşdirilýär.
Mälim bolşy ýaly, köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary bilen ýurdumyzda ýaşaýan we şol bir wagtyň özünde hiç bir döwletiň raýaty bolmadyk 30 müň 998 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Şeýle hem häzirki wagta çenli 5 müň 18  daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi.


düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......