Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili Kaha Imnadze bilen duşuşdy

  • 20.09.2024 14:10
  • 2k+

18-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşdy. Bu barada DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini, hususan-da Türkmenistanyň gatnaşmagynda UNRCCA-nyň taslamalarynyň we maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň işini başlamagy bilen baglanyşykly Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellendi.
UNRCCA bilen sebitiň döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.


düýn 19:38
3.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......