Serdar Berdimuhamedow Owganystany parahat ýurda we gymmatly ykdysady hyzmatdaş döwlete öwürmäge ýardam bermäge çagyrdy

  • 17.09.2024 22:02
  • 8.3k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammitindäki çykyşynda halkara bileleşigi Owganystany parahat ýurda we gymmatly ykdysady hyzmatdaş döwlete öwürmäge ýardam bermäge çagyrdy.

Döwlet Baştutany sebitde parahatçylygyň we howpsuzlygyň möhüm meseleleriniň biri bolan Owganystandaky ýagdaýa degip geçmek bilen, biziň bu ýurtdaky ýagdaýa berýän bahamyzyň häzirki wagtda owgan halkynyň agyr we köpýyllyk döwri ýeňip geçmek hem-de ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň döwlet institutlaryny dikeltmek, sebitde parahatçylygy, ylalaşyklylygy, bitewüligi gazanmak we berkarar etmek boýunça umumymilli işe geçmek üçin anyk mümkinçiliginiň peýda bolandygyna esaslanýandygyny nygtady. 
Bellenilişi ýaly, halkara bileleşigi tarapyndan owgan halkyna kömek bermek, ýagdaýa oňat düşünmek, öňdengörüjilik hem-de bu meselä jogapkärli çemeleşmek zerur bolup durýar. 
Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow esasy maksatlara – Owganystany durnukly, parahat ýurda, gymmatly we geljegi uly ykdysady hyzmatdaşa, hormatlanylýan we deňhukukly döwlete, Milletler Bileleşiginiň agzasyna öwürmäge ýardam bermäge ünsi jemlemäge çagyrdy. 
Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa ýurtlaryna we Germaniýa halkara we sebit meýdançalaryny ulanyp, bu wezipelere tagallalary gönükdirmek, diplomatik gatnaşyklary ösdürmek, Owganystanyň gatnaşmagynda iri infrastruktura we ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek, olara saldamly daşarky maýa goýumlaryny çekmäge ýardam bermek zerur bolup durýar.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......