Türkmenistan we IRU awtoulag infrastrukturasyny ösdürmek meýilnamalaryny maslahatlaşdy

  • 17.09.2024 14:12
  • 6k+

Aşgabatda Türkmenistan bilen Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU) wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. IRU-nyň Baş sekretary Umberto de Prettonyň wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň arasynda geçirilen duşuşykda awtomobil ulaglary pudagynyň ösdürilmeginiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, ORIENT IRU-nyň saýtyna salgylanyp habar berýär.

 

Umberto de Pretto “agyr” we “ýeňil” infrastrukturasynyň ösdürilmeginiň ähmiýeti barada belläp geçdi. Netijeli söwda üçin zerur bolan garmonizirlenen gurallaryny we işlerini ösdürmekde Türkmenistanyň tagallalaryna aýratyn ähmiýet berildi. Bu infrastrukturalarynyň üstünlikli utgaşdyrylmagy ýük baradaky deslapky maglumatlaryny peýdalanmak bilen howpsuz TIR operasiýalarynyň üpjün edilmegini hem-de esasy serhet geçelgelerinde bellenen ösdürilýän zolaklary öz içine alýar. Bu bolsa howpsuzlyga esaslanýan üstüşyr geçelgelerine ösdürilmegine mümkinçilik berýär.
IRU we Türkmenistanyň daşary işler ministri hem-de Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Türkmenistanda awtomobil ulag ulgamyny ösdürmek hem-de söwda we üstaşyr geçelge babatda onuň ähmiýetini ýokarlandyrmak üçin ýol kartasyny işläp taýýarlamak barada ylalaşdylar.


düýn 19:38
3.5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......