Raşid Meredow sanly ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça teklipleri hödürledi

  • 14.09.2024 11:56
  • 7.9k+

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň sanly ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça ýerine ýetirilýän işler bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna birnäçe teklipleri hödürledi.

Hususan-da,

  • Türkmenistanyň kanunçylyk binýadyny halkara hukugyň häzirki zaman kadalaryna laýyk getirmäge gönükdirilen Hereketleriň meýilnamasyny taýýarlamak teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň sanlylaşdyrmak boýunça kabul edilen konwensiýalara goşulmagynyň mümkinçiliklerini öwrenmek, milli kanunçylygymyzy halkara resminamalara laýyklykda kämilleşdirmek babatda hyzmatdaş halkara guramalar bilen degişli okuwlary we maslahatlary yzygiderli geçirmek göz öňünde tutulýar.
  • 2024-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda sanly hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça sebitara dialogy geçirmek teklip edilýär. Bu çäre agzalan ugurda sebitdäki döwletler hem-de kompaniýalar bilen ýurdumyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerine seretmäge, tejribe alyşmaga, Türkmenistanda alnyp barylýan işler bilen dünýä jemgyýetçiligini giňden tanyşdyrmaga mümkinçilik döreder.
  • Sanly ulgamyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmekde dünýäniň tehnologik taýdan ösen ýurtlary bilen 2025 — 2027-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek barada Maksatnamany taýýarlamak teklip edildi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda türkmen hünärmenleri tarapyndan daşary ýurtlarda kiberhowpsuzlygy üpjün etmek, maglumat tehnologiýalaryny goramak boýunça ulgamlaýyn alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrmak, ýurdumyzyň tejribesi bilen paýlaşmak boýunça degişli işleri yzygiderli geçirmek meýilleşdirilýär.
  • Birleşen Milletler Guramasynyň Terrorçylyga garşy göreşmek müdirligi bilen bilelikde sanly ulgamy goramak boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de berkitmek teklip edilýär. Şunda 2024-2025-nji ýyllarda BMG-niň bu ýöriteleşdirilen düzümi tarapyndan internet ulgamynda kiberterrorçylygyň öňüni almak, wajyp infrastrukturalary kiberhüjümlerden goramak ýaly ugurlarda alnyp barylýan işlere we taslamalara ýurdumyzyň işjeň gatnaşmagy maksadalaýyk hasaplanýar.
  • Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen kiberhowpsuzlyk, döwlet we bank hyzmatlaryny, şeýle-de ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak, sanly maliýe ulgamlaryny peýdalanmakda milli hünärmenleriň sowatlylygyny ýokarlandyrmak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek teklip edilýär. Agzalan ugurlarda bu gurama bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek maksady bilen, dürli sebitleýin taslamalary durmuşa geçirmegi öwrenmek, hünär kämilleşdiriş okuwlaryny yzygiderli geçirmek göz öňünde tutulýar.

27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......