Maryda Howanyň üýtgemegi boýunça Ýaşlaryň milli maslahaty geçirildi

  • 12.09.2024 11:29
  • 6.4k+

9-njy sentýabrda Mary şäherindäki Türkmen döwlet energetika institutynda Howanyň üýtgemegi boýunça Ýaşlaryň milli maslahaty (Local Conference of Youth on Climate Change, LCOY) geçirildi.

Maslahat “Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin: 2024-2028-nji ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegine garşy çäreler” atly taslamasynyň çäklerinde Halkara Hyzmatdaşlyk boýunça German jemgyýetiniň (GIZ) gatnaşmagynda Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan guraldy. Bu taslamany Ýewropa Bileleşigi we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Daşary işler ministrligi maliýeleşdirýär diýip, ORIENT habar berýär.
Maslahatyň işine ÝUNISEF-iň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Beýik Britaniýanyň, BAE-niň we Azerbaýjanyň ilçihanalarynyň wekilleri gatnaşdy.

Milli maslahatyň esasy wezipeleri howanyň üýtgemeginiň häzirki ýagdaýyny hem-de onuň Türkmenistana we tutuş dünýä täsir etmegini öwrenmekden, howanyň üýtgemeginiň dürli ugurlaryna bagyşlanan bilim sessiýalarynyň geçirilmeginden, BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasy we Türkmenistanyň goşulyşan beýleki ylalaşyklary barada maglumat almakdan ybaratdyr. Mundan başga-da, Maslahat howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelere ýaşlary işjeň çekmäge hem-de durnukly ösüş we howanyň üýtgemegine garşy göreş boýunça ýaşlaryň başlangyçlaryna we taslamalaryna goldaw bermäge gönükdirilendir.

Maslahata Türkmen döwlet energetika institutynyň talyplary, DÖM-niň ýaş ilçileri we ekologiýa meselesinde işjeň raýatlar, Daşary işler, Bilim, Daşky gurşawy goramak, Energetika ministrlikleriniň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň wekilleri, Türkmenistanda diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalarynyň we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
Çäräniň umumy mejlisinde GIZ/GCA Maksatnamasynyň direktory, doktor Karolina Milow energetika, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegine garşy göreş babatynda dialogy ýola goýmaga hem-de Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginde ýardam bermäge gönükdirilen “Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin: 2024-2028-nji ýyllara syýasy dialog we howanyň üýtgemegine garşy çäreler" atly GIZ-niň täze taslamasy bilen tanyşdyrdy.
Maslahatyň işi dört ugurda aşakdaky mowzuklar boýunça dowam etdirildi: energetika pudagynyň howa täsir etmegini peseltmek; jemgyýetiň habarlylygy energiýanyň täzeden dikeldilýän çeşmelerini we energiýa üpjünçiligini ulanmagyň artykmaçlyklaryny öňe sürmekde esasy faktor hökmünde; durnukly energiýa üpjünçiligi üçin innowasiýa çözgütleri; gün we ýel energiýasyny ösdürmek mümkinçilikleri.

Kiçi iş toparlarda gatnaşyjylar energiýa ulanylyşynyñ netijeliligini ýokarlandyrmakda öňdebaryjy tehnologiýalar, arassa energiýa çeşmelerine geçmekligi we ekologiýa yzyny pese düşürmekde standartlaryň girizilmegi hem-de energiýanyň täzeden dikledilýän çeşmeleri babatynda Türkmeinstanyň mümkinçilikleri baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.


şu gün 00:57
403

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 10:10
3.2k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

18.06.2026 09:51
2.8k+

ÝUNISEF: Bir milliarddan gowrak çaga howa şertleriniň howpuny başdan geçirýär

Tutuş dünýäde bir milliarddan gowrak çaga birbada yssy howanyň, guraklygyň, suw joşgunlarynyň, tupanlaryň we tokaý ýangynlarynyň netijelerine duçar bolýar. Bu barada  ÝUNISEF-iň beýannamasyna salgylanýan The......