Türkmenistan owgan halkyna ynsanperwerlik kömegini iberdi

  • 12.09.2024 09:50
  • 10k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistan owgan halkyna ynsanperwerlik kömegini iberdi. Ynsanperwerlik kömeginiň nobatdaky tapgyry türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli iberildi diýip, türkmen metbugatynda habar berilýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna iberilen ýük çaga iýmitini, azyk önümlerini, bugdaýy, karbamidi, dizel ýangyjyny, benzini we sementi öz içine alýar.
Ynsanperwerlik ýüküni gowşurmak mynasybetli dabara ýurdumyzyň wekilçilikli topary, owgan tarapyndan ýokary wezipeli adamlar gatnaşdylar.
Türkmenistandan iberilen ynsanperwerlik ýüki kabul etmäge gatnaşan goňşy ýurduň ilaty Prezident Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa yzygiderli kömek-goldawlary üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......