Alymlar janly syçany içi görnüp duran edip, damarlaryny we içgoşlaryny gözden geçirmegiň usulyny tapdylar

  • 10.09.2024 11:10
  • 7.6k+

Stenford uniwersitetiniň (ABŞ) barlagçylary iýmit reňkleýji tartrazini ulanyp, syçanlaryň derisini wagtlaýynça dury edip biljek usuly oýlap tapdylar. Science žurnalynda beýan edilen bu usul alymlara haýwanlaryň gan damarlaryny we içgoşlaryny operasiýa etmezden, gözden geçirmäge mümkinçilik berýär diýip, Science žurnalyna salgylanýan CNN ýazýar.

Çipsy we doňdurma ýaly iýmitlerde ulanmak üçin kepillendirilen tartrazin deri dokumalarynyň refraktiw görkezijisini üýtgedýär we birnäçe minutlap ony dury  edýär.

“Biz ýagtylygyň köp bölegini, esasanam, gök we ultramelewşe şöhleleri özüne siňdirýän sary reňkleýjini ýagtylygy dargadýan deri bilen birleşdirdik. Aýry-aýrylykda bu maddalar kän ýagtylyk geçirmeýär, ýöne bilelikde syçanjygyň derisini dury etdiler " - diýip, barlagyň awtory Szyhao Ou düşündirdi.

Durulyk ýene öňki durkuna öwrülip, dokumalara zeper ýetirmeýär.
Alymlaryň sözlerine görä, bu tehnologiýa lukmançylykda giňden ulanylyp bilner, mysal üçin, gan alnanda damary aňsat tapmakda, deri kesellerini anyklamakda we deride amallary ýerine ýetirmekde. Şeýle-de bolsa, synaglar entek adamlarda geçirilmedi, sebäbi adamyň derisi syçanlaryňkydan on esse galyň.
Bu usul Kramers - Kronig gatnaşyklarynyň belli fiziki ýörelgesine esaslanýar: material bir reňkdäki köp ýagtylygy özüne siňdirse, ol beýleki reňkleriň ýagtylygyny has güýçli öçürýär diýip, Londonyň Imperiýa kollejiniň uly mugallymy Kristofer Roulends düşündirdi.
Usuly ulanmagyň aňsatdygyny we dokuma zyýan ýetirýän beýleki çemeleşmelerden tapawutlylykda, munuň düýpli zeperiniň ýokdugyny nygtady.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....