Raşid Meredow Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň Baş sekretary bilen duşuşdy

  • 09.09.2024 13:43
  • 3.7k+

Türkmenistanyň DIM-inde daşary işler ministri Raşid Meredow Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Pretto bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen IRU-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini bellediler, şeýle-de multimodal ulag-üstaşyr geçelgelerini we halkara logistika merkezlerini ösdürmek, şol sanda ulag ulgamyny sanlaşdyrmak arkaly ýurtlaryň arasyndaky özara baglanyşygy gowulandyrmak boýunça geljekki hereketleri kesgitlediler.
Taraplar BMG-niň çäklerindäki özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar we Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Durnukly ulagyň dostlary toparynyň işi barada pikir alyşdylar.
Umberto de Pretto Türkmenistanyň sebit derejesinde ulag infrastrukturasyny kämilleşdirmäge ygrarlydygyny we halkara resminamalaryna goşulyşmak arkaly onuň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berýändigini belledi.
Şeýle-de taraplar bilermenleriň mümkinçiliklerini giňeltmek we hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Noýabr aýynda Aşgabat şäherinde Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli  geçiriljek halkara maslahatyna taýýarlyk görmek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň dowamynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynda öz beýanyny tapan durnukly ulag pudagy boýunça Türkmenistanyň başlangyçlaryny durmuşa geçirmegiň ýollaryna hem garaldy.


düýn 19:38
3.5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......