Ummany öwrenijiler haýwanlaryň we ösümlikleriň öň näbelli 170 görnüşini tapdylar

  • 09.09.2024 12:55
  • 4.7k+

Şmidtiň Okeanologiýa instituty (ABŞ) tarapyndan gurnalan Ocean Census ekspedisiýasy Ýuwaş ummanynyň günorta-gündogaryndaky Naska gerşiniň 28 günlük barlagyny tamamlady. Çiliniň kenaryndan 1500 km uzaklykda alymlar 10 sany suwasty dagy we haýwanlaryň hem-de ösümlikleriň 20-ä golaý täze görnüşini tapdylar diýip, “Wokrug sweta” neşiri habar berýär.

Barlag şu wagta çenli kän öwrenilmedik halkara suwlarynda geçirildi,. Esasy açyşlaryň biri, deňiz derejesinden 994 metr aşakda, ummanyň düýbünden beýikligi 3 109 metr bolan suwasty deňiz boldy. Alymlar onuň eňňitlerinde we sebitdäki beýleki daglarda el degrilmedik merjen baglyklaryny, gubkalaryň giň meýdanlaryny we çuň suwly ýerlerde ýaşaýan ozal näbelli deňiz jandarlaryny tapdylar.

Tapyndylaryň arasynda XX asyryň ahyrynda tapylan, öň üç sany öli nusgasyndan belli bolan Promachoteuthis toparyna degişli seýrek duş gelýän kalmar bar. Şeýle hem, bir düýrlem spagettä meňzeşligi sebäpli "uçýan makoron monstrlary" lakamyny alan Bathyphysa conifera görnüşiniň iki sany sifonofory suratlandyryldy.

Ýene bir garaşylmadyk tapyndy, ol hem  solak reňki üçin Kasper diýlip atlandyrylan,  arwaha meňzeş osminogdyr . Ol ilkinji gezek 2016-njy ýylda görlüpdi, ýöne entek resmi ylmy adyny alyp bilmändi. Bu hakda biz eýýäm şu materialda gürrüň beripdik.
Bu ekspedisiýanyň netijeleri, öňki ikisi bilen bilelikde, Naskadaky belli görnüşleriň sanyny 1019-dan 1300-e çenli artdyrdy. Soňky ekspedisiýanyň dowamynda barlagçylar jemi 170-den gowrak ozal näbelli görnüşi ýygnadylar we indi olar  laboratoriýada öwrenilmeli, fiziologiýasy, genetikasy seljerilmeli we suratlandyrylmaly.
Bu açyşlar Ýuwaş ummanyň çuň suwly ýerleriniň planetamyzyň iň syrly we öwrenilmedik böleklerinden biri bolup galýandygyny tassyklaýar.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....