Çiliniň kenarynda ummanyň çuňlugynyň adaty bolmadyk deňiz haýwany wideo düşürildi

  • 03.09.2024 02:02
  • 12k+

Kaliforniýanyň Şmidt umman institutynyň barlagçylary suw ýaly ýarym dury görnüşi üçin Kasper ady dakylan seýrek osminogy (sekiz aýak) surata düşürdiler. Bu jandar Çiliniň kenarynda, takmynan, 4,3 km çuňlukda akwadron arkaly tapyldy diýip, Newsweek habar berýär.

Bu osminog ilkinji gezek 2016-njy ýylda Gawaý adalarynda ýüze çykdy, ýöne şu wagta çenli alymlar ony öwrenmek üçin tutup bilmediler. Nusgalaryň ýoklugy sebäpli, täze görnüşiň resmi ady ýokdur.
Ekspedisiýanyň dowamynda deňiz haýwanlarynyň 20-den gowrak täze görnüşi tapyldy we ilkinji gezek diri Promachoteuthis kalmary surata düşürildi. Ekspedisiýa awgust aýynda tamamlandy we alymlara suwasty dünýäde has köp gözleg geçirmek üçin köp maglumatlary berdi.


düýn 23:54
834

Merginiň watany: Keseliň iň gadymy ojagynyň yzlary Baýkal sebitinde tapyldy

Takmynan 5,5 müň ýyl ozal Baýkal kölüniň golaýynda aradan çykan onlarça awçy-ýygyjynyň dişlerinde mergi keselini döredýän bakteriýanyň DNK-synyň saklanyp galandygy belli boldy. Bu baradaky ylmy makala Nature......

27.06.2026 12:00
4.1k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.9k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......