Gurbanguly Berdimuhamedow Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

  • 08.09.2024 23:45
  • 7.8k+

8-nji sentýabrda Astanada iş sapary bilen bolýan Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystanyň Baştutany bilen duşuşygy tamamlanandan soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň awtoulag kerweni «Astana Arena» stadionyna tarap ugrady. Bu ýerde şu ýyl «Ymgyr sähradaky duşuşyk» şygary bilen geçýän Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynyň resmi açylyş dabarasy boldy.

Sport, medeni we ylmy maksatnamalaryň birleşdirilmegi bu özboluşly taslamanyň esasy aýratynlygydyr. Şularyň özara baglanyşygy sportuň milli görnüşlerini we umuman, çarwa medeniýetini toplumlaýyn öwrenmäge hem-de dünýä ýaýmaga mümkinçilik berýär.
Şu gezekki iri sport çäresiniň resmi nyşanynda Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlarynyň ähli nyşanlarynyň aýrylmaz bölegi bolan Gün şekilindäki atlynyň şekili ýerleşdirilipdir. Nyşanda hakyk daşynyň nepisligini alamatlandyrýan goýy gyzyl reňk ulanylypdyr. Bu gymmat bahaly daş türkmenleriň we Merkezi Aziýanyň beýleki halklarynyň milli şaý-seplerinde giňden ulanylýar. Nyşanda ýazgylar VIII-X asyrlardaky türki ýazuwy äheňinde ýerine ýetirilipdir.

Gyrgyzystanda geçirilen Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlarynyň ilkinji üçüsiniň esasy nyşany suw bolupdy. Bu däp Gazagystanda geçirilýän şu gezekki Oýunlarda hem dowam etdirildi.


düýn 19:38
3.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......