Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystana iş sapary başlandy

  • 08.09.2024 19:23
  • 10k+

Şu gün, 8-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady diýip, TDH habar berýär.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar ugratdylar.
Türkmenistan we Gazagystan strategik hyzmatdaşlygyň baý tejribesine esaslanyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga, dürli ulgamlarda, şol sanda sport ugry boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň hasabyna bar bolan dürli ugurly mümkinçilikleri doly derejede işe girizmäge taýýardyklaryny görkezýärler.
Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde Hormat garawuly nyzama düzüldi, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy
Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar garşyladylar.


düýn 19:38
3.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......