Türkmenistan we TÜRKSOÝ bilelikdäki çäreleriň guralyşy bilen bagly meseleleri maslahatlaşdy

  • 04.09.2024 14:44
  • 2.6k+

3-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary bilen Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini maslahatlaşdy diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Bellenilişi ýaly, 2024-nji ýyl türki dilli dünýäde Türkmenistan üçin ähmiýetli ýyl bolup durýar, çünki üstümizdäki ýyl TÜRKSOÝ tarapyndan «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», şeýle hem Änew şäheri Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň hem-de gadymy Änew şäheriniň medeni ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen ýakyn wagtda geçiriljek bilelikdäki çäreleriň guralyşy bilen bagly meselelere aýratyn üns berdiler.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-yň arasyndaky türki dilli halklaryň örän baý medeni mirasyny gorap saklamaga, öwrenmäge we wagyz etmäge gönükdirilen özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini nygtadylar.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......