Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

  • 03.09.2024 03:45
  • 12k+

2-nji sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.

Ahmet Çalyk Türkmenistanda dürli maksatly we uly ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda giň mümkinçilikleriň döredilýändigi üçin kompaniýanyň ähli işgärleriniň adyndan çuňňur hoşallygyny beýan etdi. Ol açylyp ulanmaga berlen Aşgabat şäher häkimliginiň toplumynyň binasynyň gurluşygynyň “Çalyk Holding” kompaniýasyna ynanylmagynyň özi üçin uly mertebedigini belläp, mundan beýläk-de öňde goýlan wezipeleri ýokary derejede ýerine ýetirmekde depginli işleri alyp barjakdygyna ynandyrdy.
Duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň bilelikde amala aşyrylýan taslamalarda hemişe ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri ileri tutýandygyny, innowasion tehnologiýalary, ykdysady taýdan netijeli çözgütleri giňden goldaýandygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri “Çalyk Holding” kompaniýasynyň mundan beýläk-de täze tehnologiýalary we ýokary öndürijilikli enjamlary işe ornaşdyrjakdygyna, Türkmenistanda döwlet, sebit ähmiýetli taslamalary amala aşyrmakda netijeli işleri durmuşa geçirjekdigine ynam bildirdi.
Işewür bildirilýän uly ynam üçin hoşallygyny beýan edip, türkiýeli hyzmatdaşlaryň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de jogapkärçilikli çemeleşjekdiklerine ynandyrdy.


düýn 19:38
3.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......