Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentini baýramçylyk bilen gutlady

  • 01.09.2024 12:36
  • 8.8k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan Prezident Serdar Berdimuhamedowy Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli gutlady.

"Siziň tagallalaryňyz bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň altyn güýzünde ýurdumyzyň dürli sebitlerinde orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň onlarçasynyň açylyp ulanmaga berilmegi bilim özgertmeleriniň üstünliklere beslenýändigini, ýaş nesilleriň bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmaklary üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini görkezýär. 1-nji synpa barýan okuwçylara noutbuk kompýuterleriniň sowgat berilmegi bolsa ýurdumyzda ýaş nesil barada döwlet derejesinde alada edilýändiginiň aýdyň beýanydyr" diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.
"Siziň baştutanlygyňyzda täze taryhy döwrümizde bilim ulgamyna dünýä standartlaryny yzygiderli ornaşdyrýan ýurdumyz ynsanperwer ugur boýunça Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, Ýewropa Bileleşigi bilen özara gatnaşyklary ösdürýär. Bilim ulgamynda dünýäniň oňyn tejribesi işjeň öwrenilýär, daşary ýurtlaryň bilim, ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlygyň gerimi giňeldilýär. Ylmyň we tehnologiýanyň häzirki barha ösýän döwründe bilim özgertmelerini çaltlandyrmak, onuň netijeliligini ýokarlandyrmak, öňdebaryjy ýaşlaryň hatarynda orun aljak nesilleri terbiýelemek mugallymlaryň we bilim işgärleriniň möhüm wezipesi bolup durýar" diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belleýär.


düýn 19:38
3.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......