Gurbanguly Berdimuhamedow Masud Pezeşkian bilen giňişleýin düzümde gepleşikleri geçirdi (esasy teklipler)

  • 29.08.2024 11:27
  • 12k+

28-nji awgustda Eýrana iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Masud Pezeşkian bilen giňişleýin düzümde gepleşikleri geçirdi. Gün tertibine ikitaraplaýyn görnüşde, iri halkara guramalaryň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygyň giň meseleleri girizildi diýip, TDH habar berýär.

Duşuşygyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn bähbitli birnäçe teklipler bilen çykyş etdi. Hususan-da,

  • özara söwdanyň möçberini ýokarlandyrmak üçin ikitaraplaýyn esasda iberilýän önümleri we harytlary artdyrmak teklip edildi. Hususy kompaniýalar bu işlere işjeň gatnaşmaga çagyryldy;
  • türkmen tarapy Eýrana iberilýän gazyň möçberini her ýylda 40 milliard kub metre çenli artdyrmagy göz öňünde tutýar. Munuň üçin Türkmenistanyň çäginde iki sany täze gaz gysyjy desgany we 125 kilometrlik täze gaz geçirijini gurmak meýilleşdirilýär. Munuň özi Eýrana iberilýän türkmen tebigy gazynyň goşmaça möçberini «Çaloýuk» gaz ölçeýji desgasyna çenli akdyrmaga mümkinçilik berer;
  • Elektroenergetika pudagynda möhüm taslama bolan Mary — Maşat elektrik geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň ähmiýeti bellenildi. Güýjenmesi 500/400 kilowolta barabar bolan bu elektrik geçiriji Mary şäherinden başlap, Sarahsa we ol ýerden türkmen-eýran serhedine çenli uzalar. Onuň türkmen-eýran serhedine çenli uzynlygy 155 kilometre deň bolar;
  • “Sarahs” we “Inçeburun” demir ýol geçiriş nokatlaryndan geçýän harytlaryň möçberini köpeltmek teklip edildi. Türkmenistan bu ugurda eýran tarapy bilen bilelikde işlemäge taýýar. Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň ugry boýunça boýunça geçýän awtomobil ýoly arkaly ýük gatnawlarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, üçtaraplaýyn esasda işlemek teklip edildi. Bu hereketleri amala aşyrmak üçin ýurtlarymyzyň kompaniýalaryny işe çekmek ýerlikli bolar diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy;

Duşuşygyň barşynda Eýranyň Prezidenti Ermenistan — Eýran — Türkmenistan — Gazagystan üstaşyr ulag geçelgesi boýunça ýük daşamak we bu ugry netijeli peýdalanmak babatda tekliplerini beýan etdi.
Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......