Raşid Meredow Eýranyň täze bellenilen daşary işler ministrini gutlady

  • 27.08.2024 14:17
  • 6.1k+

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Seýed Abbas Aragçini Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri wezipesine bellenilmegi bilen gutlady.

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy gutlag hatynda Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda uzak ýyllaryň dowamynda dowam edip gelýän syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp geçdi.
R.Meredow iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk pugtalandyrmagyna we ösdürilmegine ynam bildirip, öz eýranly kärdeşine bu jogapkärçilikli wezipede üstünlikleri arzuw etdi diýip, Orient Eýran Yslam Respublikasynyň DIM-niň habaryna salgylanyp belleýär.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......