Täjigistanda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylyşyna taýýarlyk görülýär

  • 26.08.2024 17:40
  • 6.7k+

24-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow türkmen wekiliýetiniň Täjigistana saparynyň çäklerinde bu ýurduň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin bilen duşuşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşykda taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna baha berip, ulag, energetika, ekologiýa ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.
Medeni-ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlyga hem aýratyn ähmiýet berildi. Taraplar Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda iki ýurduň we halkyň dost-doganlygynyň nyşanyna öwrüljek Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylyşyna görülýän taýýarlyk barada jikme-jik pikir alyşdylar.
Bu mekdebiň düýbüni tutmak dabarasynyň geçen ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň çäginde iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda bolup geçdi.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......