Dinozawrlary ýok eden asteroidiň gelip çykyşy anyklandy

  • 19.08.2024 13:54
  • 15k+

66 million ýyl ozal dinozawrlary heläk eden äpet asteroidiň gaçan ýeri - Merkezi Amerikanyň Ýukatan ýarym adasyndaky, ylma bireýýämden bäri mälim bolan Çiksulub krateridir. Indi bolsa, alymlar bu uly meteoritiň gelip çykyşyny kesgitlediler.

Science žurnalynda çap edilen barlagda Ýer bilen çaknyşan diametri takmynan 10 kilometre barabar asteroidiň Ýupiteriň orbitasynyň daşyndan gelendigi anyklandy.
Barlagyň awtorlary hek-paleogen eýýamy bilen baglanyşykly çökündilerdäki ruten izotop gatnaşyklaryny seljerdiler. Kraterde tapylan bu izotoplar obýektiň kosmiki gelip çykyşyny görkezýär we ugleroda baý, seýrek duş gelýän C görnüşli asteroidlere laýyk gelýär. Şuňa meňzeş asteroidler Gün ulgamynyň daşky böleklerinde, ýagny Ýupiteriň orbitasynyň daşynda emele gelipdirler. Mundan başga-da, barlagçylar onuň käbir çaklamalarda aýdyşy ýaly, kometa däl-de, asteroiddigini tassykladylar.
Goşmaça soňky 540 million ýylda meteoritleriň gaçan beýleki bäş ýerinden alnan ruten izotoplary öwrenildi. Görlüp oturylsa, beýleki ýagdaýlarda çaknyşygyň Gün ulgamynyň içki böleginde has ýygy duş gelýän S görnüşli asteroidler bilen ýüze çykandygy anyklandy.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....