Aşgabat we Arkadag şäherlerindäki saglyk edaralaryna hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berildi

  • 19.08.2024 12:11
  • 7k+

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Aşgabat we Arkadag şäherleriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynyň barlaghanalaryna hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berildi.

“Türkmenistan” gazetinde habar berlişi ýaly, berlen güwänamalar degişli düzümlerdäki işleriň TDS ISO 9001 standartynyň bellenen talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýar. ISO 9001 dünýäde hili dolandyrmak boýunça ykrar edilen standart bolup, ähli ölçeglerdäki edaralara, pudaklara işlerini kämilleşdirmäge, bildirilýän talaplary ýerine ýetirmäge, hil boýunça ygrarlylygyny görkezmäge ýardam edýär. Bu standartyň işe ornaşdyrylmagy arassaçylyk gulluklarynda işleriň netijeli alnyp barylýandygyny, hünärmenleriň öz işlerini ýokary derejede amala aşyrýandygyny, hyzmatlaryň gyşarnyksyz berjaý edilýändigini görkezýär.
Aşgabat we Arkadag şäherleriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işiniň baş maksady ilatyň sanitariýa-epidemiologik taýdan abadançylygyny üpjün etmek babatda çäreleri guramakdan, utgaşdyrmakdan we gözegçilik barlagyny amala aşyrmakdan ybaratdyr.
Belläp geçsek, hil ulgamynyň laýyklykda güwänamasyna ýakynda Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi hem mynasyp boldy.


şu gün 07:29
1.2k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.5k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
3.9k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
5.1k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......