Ýaponiýada özbaşdak ylmy gözlegleri geçirmäge ukyply emeli aň ulgamy döredildi

  • 19.08.2024 10:24
  • 5.4k+

Ýaponiýanyň Sakana AI kompaniýasy awtomatiki usulda ylmy gözlegleri amala aşyrmak üçin dünýäde ilkinji emeli aň ulgamyny hödürledi. Bu barada Anadolu agentligi habar berýär.

Foerster barlaghanalary, Oksford uniwersiteti we beýleki uniwersitetler bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzülen bu ulgam ylmy açyşlary çaltlaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleri hödürleýär.
Täze AI ulgamy täze pikirleri döretmäge, kod ýazmaga, synaglary geçirmäge, gözleg işlerini gurnamaga we hatda gözleg netijelerini jemlemäge ukyplydyr. Mundan başga-da, ulgam netijeleriň düşündirişlerini we mazmunyny öz içine alýan doly ylmy makalalary ýazyp bilýär.
Häzirki wagtda kompaniýa ulgamy maşyn öwretmek we kodlaşdyrmak boýunça gözlegleri geçirmek we ylmy makalalary ýazmak üçin ulanmagy meýilleşdirýär.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....