JUICE kosmos enjamy Ýupitere ýetmek üçin adaty bolmadyk we çylşyrymly tilsimi ýerine ýetirer

  • 15.08.2024 11:58
  • 3.1k+

Ýewropanyň kosmiki enjamy JUICE (Jupiter Icy Moons Explorer) Ýupitere baryp ýetmäge mümkinçilik berjek çylşyrymly tilsimi ýerine ýetirmäge taýýarlanýar. Geçen ýyl Fransiýanyň Gwiana departamentiniň Kuru kosmodromyndan uçurylan bu enjam tizligini ýokarlandyrmaga we ugruny sazlamaga mümkinçilik berjek Ýeriň we Aýyň dartyş meýdanlaryny ulanyp, bu tilsimi ýerine ýetirer diýip, Ýewropa kosmos gullugyna salgylanýan The Guardian habar berýär.

JUICE ýangyjyň tygşytlanmagyna we uçuş wagtynyň gysgalmagyna kömek etjek birnäçe dartyş tilsimlerini ýerine ýetirer. Enjam Ýeriň we Aýyň daşyndan aýlanyp, Wenera uçar, soňra bolsa ýene Ýere tarap gaýdar. JUICE bu tilsimi 2026-njy we 2029-njy ýyllarda ýene bir gezek gaýtalar we 2031-nji ýylyň iýul aýynda Ýupitera ýeter.
JUICE missiýasynyň esasy maksady, ýaşaýyş alamatlaryny gözlemek üçin Ýupiteriň Ýewropa we Ganimed ýaly buzly hemralaryny öwrenmekdir. Alymlar bu hemralaryň buzly gabygynyň astynda ummanlaryň bolup biljekdigine ynanýarlar, bu bolsa ýaşaýyş şertleriniň mümkindigini aňladýar.


şu gün 00:18
1.5k+

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

düýn 20:31
3.1k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....