Türkmenistan ÝB bilen hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygyň beýanyny tassyklaýan notany gowşurdy

  • 13.08.2024 17:48
  • 8.4k+

Belgiýanyň Brýussel şäherinde Türkmenistanyň ilçisi Sapar Pälwanow Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşiniň baş sekretariatynyň hukuk gullugyna Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň, şeýle hem onuň agza döwletleri bilen hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşygynyň Türkmenistan tarapyndan tassyklanandygy hakyndaky teswirnamany resmi taýdan gowşurdy.

Ähtnama 2024-nji ýylyň martynda gol çekilipdi we ol Ýewropa Bileleşigine täze goşulan döwletleri hem öz içine alýar.
Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 2024-nji ýylyň 13-nji iýulynda bu teswirnama tassyklandy.
Ilçi S.Pälwanow resminamany gowşurmak dabarasynda ÝB-niň wekili bilen hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary,  şeýle hem Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigi bilen şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagy babatda pikir alyşdy.


düýn 19:38
3.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.5k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......