Awazada Hazar deňziniň ekologiýasyny gorap saklamakda halkara tagallalar maslahatlaşyldy

  • 13.08.2024 11:40
  • 2.7k+

12-nji awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi we Hazar deňzi instituty tarapyndan Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Berkarar” myhmanhanasynda  Hazar deňziniň güni mynasybetli “Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahat guraldy diýip, TDH habar berýär.

Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ugurdaş düzümleriň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri gatnaşdylar. Myhmanlaryň hatarynda Hazarýaka döwletleriň, şeýle-de Türkiýäniň, Gruziýanyň, Rumyniýanyň, Beýik Britaniýanyň, Täjigistanyň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, abraýly halkara we sebit guramalarynyň wekilhanalarynyň, şol sanda BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň, Ösüş maksatnamasynyň, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Merkezi Aziýada we Kawkazda balykçylyk we akulakultura boýunça komissiýasynyň, Bütindünýä bankynyň, Halkara deňiz hukugy boýunça institutynyň, Halkara ummanlar institutynyň we beýlekileriň wekilleri bar.
Maslahatyň gün tertibine Hazarýaka ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň ykdysady, durmuş, ekologik meseleleriň birnäçesiniň çözgüdini özünde jemleýän durnukly ösüşi üpjün etmek bilen bagly möhüm meseleleri girizildi. Çykyşlarda degişli ulgamda sebit döwletlerinde, “Hazar ekologiýa maksatnamasy” atly sebit maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan köptaraply işler giňişleýin beýan edildi.
Hazarýaka döwletleriň diplomatik wekilhanalarynyň wekilleriniň çykyşlarynda häzirki günde sebitde howpsuzlyk, ykdysadyýet, ekologiýa we tebigy serişdelerden peýdalanmak ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny öz içine alýan şertnama-hukuk binýadynyň kemala gelendigi nygtaldy. Deňizde hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm meselelerine degişli bäştaraplaýyn pudaklaýyn resminamalaryň taslamalary işlenip taýýarlanyldy.
Maslahata gatnaşyjylar forumyň netijelerini jemläp, Hazarýaka ýurtlarda bellenilýän Hazar deňziniň gününiň sebitde hyzmatdaşlygy, parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmagyň möhümdigini ýene-de bir gezek äşgär etmek üçin mümkinçilikdigini bellediler hem-de Hazar deňziniň ygtybarly ekologik goraglylygyny, onuň umumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän mümkinçiliklerini ösdürmegi üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegiň zerurdygyny aýtdylar.
Myhmanlar üçin «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gezelençleri göz öňünde tutýan medeni maksatnama taýýarlanyldy.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......