Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistana resmi sapar bilen çagyryldy

  • 12.08.2024 07:58
  • 5.3k+

Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarif Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Pakistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Bu barada resmi metbugatda habar berildi.

"Iýul aýynda Astanada Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň çäklerindäki ýakymly duşuşygymyz üçin Size hoşallygymy bildirmek isleýärin. Bu duşuşyk ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda birnäçe teklipler boýunça netijeli pikir alyşmaga mümkinçilik berdi. Pakistan-türkmen gatnaşyklaryny täze derejä çykarmakda Siziň şahsy garaýşyňyz mende uly täsir galdyrdy.
Pakistan Türkmenistan bilen doganlyk gatnaşyklaryna ýokary baha berýär. Umumy taryhy, gymmatlyklary, geografik ýagdaýy bilen baglanyşan ýurtlarymyz dostlar we hyzmatdaşlardyr. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Siziň Alyhezretiňizi Pakistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrýaryn hem-de Sizi garşy almak mümkinçiligine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys" - diýlip, hatda bellenilýär.


düýn 19:38
3.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......