Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlary birnäçe möhüm resminamalara gol çekdiler

  • 09.08.2024 16:25
  • 10k+

9-njy awgustda - şu gün Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym Žomart-Tokaýewiň başlyklyk etmeginde geçirilen duşuşygyň jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi.
Hususan-da:

  • Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygy boýunça bilelikdäki beýannamasy;
  • “Merkezi Aziýa-2040” sebitleýin korporasiýany ösdürmek konsepsiýasy;
  • “Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Miromanowiç Mirziýoýewi Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlarynyň hormat nyşany bilen sylaglamak hakynda” Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygynyň çözgüdi.

Şeýle hem Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki beýannamasy bilen tassyklanan resminamalar:

  • 2025-2027-nji ýyllar üçin sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Ýol kartasy;
  • 2025-2027-nji ýyllar üçin Merkezi Aziýa döwletleriniň senagat korporasiýasyny ösdürmegiň  hereket meýilnamasy.

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde resmi wekiliýet agzalarynyň arasynda gol çekilen resminamalar:

  • Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ulag-logistika merkezlerini ösdürmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky ähtnama
  • Merkezi Aziýa döwletleriniň energetika ministrleriniň birinji duşuşygy boýunça beýanat
  • Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag ministrleriniň ikinji duşuşygy boýunça Astana beýanaty.


düýn 23:05
636

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
768

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......