Şawkat Mirziýoýewe Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany berildi

  • 09.08.2024 15:59
  • 8.9k+

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglandy. Sylaglanyş dabarasy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Astanada Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygynda geçirildi.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym Žomart-Tokaýew Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşanyny dabarly ýagdaýda gowşurdy.
Bu dabara Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygyna hormatly myhman hökmünde çagyrylan Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham aliýew hem gatnaşdy.
Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygy Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirildi. Şol duşuşykda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanypdy.
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ilkinji konsultatiw duşuşygy Gazagystanda, ikinji duşuşygy Özbegistanda, üçünji duşuşygy Türkmenistanda, dördünji duşuşygy Gyrgyzystanda, bäşinji duşuşygy Täjigistanda geçirildi.
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyny bolsa, Özbegistanda geçirmek çözgüdi kabul edildi.
Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hem gatnaşýar. Astanadaky duşuşyga bu merkeziň ýolbaşçysy Kaha Imnadze çagyryldy.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......