Raşid Meredow Merkezi Aziýa döwletleriniň DIM-niň ýolbaşçylarynyň mejlisine gatnaşdy

  • 09.08.2024 15:27
  • 4.5k+

Şu gün Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygynyň öňüsyrasynda bu ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow gatnaşdy.

Gazagystanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Murat Nurtleu duşuşygy açmak bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky duşuşygynyň uly üstünliklere beslenjekdigini belledi.
Bu duşuşygyň bäştaraplaýyn hyzmatdaşlyga sebit ýurtlarynyň ygrarly bolup galýandygynyň nobatdaky subutnamasydygyny bellän Murat Nurtleu Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň geçirilip başlanan gününden bäri sebitiň jemi içerki önüminiň möçberi 450 milliard dollara barabar bolandygyny, özara söwdada durnukly ösüşiň gazanylandygyny belledi.
Onuň bellemegine görä, soňky 5 ýylda bu görkeziji 80 göterim artyp, 11 milliard dollara barabar boldy.
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy bilen bir hatarda dürli ministrleriň, parlament ýolbaşçylarynyň, zenanlar dialogynyň ýola goýlandygy bellenildi.
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky Konsultatiw duşuşygynda “Merkezi Aziýa-2040” sebit korporasiýasyny ösdürmek hakyndaky Strategiýa gol çekilmeginiň mundan beýläk-de sebit hyzmatdaşlygyny has ýokary derejelere çykarjakdygy bellenilip geçildi.


düýn 19:38
3.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......