Türkmenistan BAE-niň «Burjeel Holdings» kompaniýasy bilen lukmançylyk syýahatçylygyny ösdürmegi maslahatlaşýar

  • 03.08.2024 22:09
  • 5.8k+

Türkmenistan BAE-niň iri lukmançylyk kompaniýasy bolan «Burjeel Holdings» bilen hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşýar. 1-nji awgustda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki ilçisi Serdarmammet Garajaýew «Burjeel Holdings» kompaniýasynyň halkara işewürligi ösdürmek boýunça menejeri Asif Asgarow bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň bu ýurtdaky diplomatik wekilhanasy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar özara peýdaly boljak taslamalary durmuşa geçirmäge niýetlerini mälim etdiler.
Duşuşygyň dowamynda taraplar lukmançylyk syýahatçylygy, näsaglary bejermegiň we olara hyzmat etmegiň innowasion ugurlarynda we beýleki ugurlarda tejribe alyşmagy, şeýle-de lukmanlaryň hünär derejesini kämilleşdirmek boýunça alyş-çalyş maksatnamalaryny döretmegi ara alyp maslahatlaşdylar.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty senagaty ministrligi bilen «Burjeel Holdings» kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýamagy we aragatnaşyk kanallaryny döretmeklige aýratyn üns berildi.
Duşuşykda iki tarap hem saglygy goraýyş pudagynda ösüşi we innowasiýalary güýçlendirmek maksady bilen hyzmatdaşlygy berkitmeklige aýratyn üns berjekdilerini nygtadylar.


25.06.2026 23:36
5.3k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......