Arheologlar gadymy resepti täzeden dikeltdiler: Gadymy adamlar guşlary nädip bişiripdir?

  • 02.08.2024 16:27
  • 8.6k+

Ispaniýaly arheologlar neandertallaryň nahar bişiriş usulyny täzeden dikeltdiler. Daş gurallaryny we ot ulanyp, gadymy adamlaryň guşlary nädip bişirendiklerini görkezdiler diýip, New Scientist ýazýar.

Kataloniýanyň Adam paleoekologiýasy we jemgyýetçilik ewolýusiýasy institutynyň alymlary Portugaliýada tapylan, takmynan, 90 müň ýyllyk guşlaryň galyndylaryny öwrenmek üçin synag geçirdiler. Gadymy galyndylara gabat gelmegi üçin ululygyna we görnüşlerine görä ýörite saýlanan bäş guşy - iki sany gara gargany (Corvus corone), adaty tokaý kepderisiniň iki sany halkaly gumrysyny (Streptopelia decaocto) we ýabany kepderini (Columba palumbus) ulandylar.
Ýörite synag üçin ýasalan çakmak daşy ulanyldy. Alymlar guşy elleri bilen ütüp, daş gurallaryň kömegi bilen bölekläpdir. Soýlan guşuň käbir bölekleri kömürde bişirildi.
Synagyň netijesi et bölekleri taýýarlap-bişirilenden soň, süňklerdäki yzlaryň gadymy galyndylardan tapylanlara gabat gelendigini görkezdi. Bu  neandertallaryň otda nahar bişirmegi we et böleklerini kesmekde daş gurallary ulanmagy bilýändigini tassyklaýar.
Barlagçylar: "Bu tapyndylar adamyň ýetiren üýtgeşmelerini tebigy täsirlerden ýa-da depelemek ýa-da gemrijileriň, ýyrtyjylaryň hereketleri bilen baglanyşykly üýtgeşmelerden tapawutlandyrmaga kömek edýär" – diýip sözüniň üstüne goşdular.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....