Raşid Meredow Gyrgyzystanyň we Gazagystanyň DIM-niň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdi

  • 30.07.2024 13:52
  • 1.2k+

29-njy iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Gyrgyz Respublikasynyň hem-de Gazagystanyň daşary işler ministrleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, telefon arkaly söhbetdeşlikleriň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew bilen söhbetdeşlikde iň ýokary döwlet derejesinde özara saparlar bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem dürli derejelerdäki syýasy geňeşmeleriň ähmiýeti nygtaldy. Şol bir wagtyň özünde, taraplar iki ýurtda geçirilýän çärelere ýokary derejeli wekiliýetleriň gatnaşmagynyň ähmiýeti barada pikir alyşdylar.
Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Orunbasary, Daşary işler ministri Murat Nurtleuwy bilen söhbetdeşlikde ministrler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna garadylar. Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmeginde esasy şertleriň biri ýokary derejede dostlukly dialogyň bolup durýandygy bellenildi.


düýn 18:57
976

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
968

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
993

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
7.2k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......