Raşid Meredow täjigistanly kärdeşi Sirojiddin Muhriddin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

  • 28.07.2024 15:30
  • 2.4k+

27-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddiniň bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Onuň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar.
Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary hem ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn forumlaryň we duşuşyklaryň derejesinde ýokary derejedäki duşuşyklary guramagyň guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak we giňeltmek babatda tagallalaryň ähmiýeti bellenildi.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......