Türkmenistandan Gazagystana baryp gören syýahatçylaryň sany 20 müňe ýetdi

  • 25.07.2024 18:56
  • 5.7k+

2023-nji ýylda Türkmenistandan Gazagystana baryp gören syýahatçylaryň sany 20 müň adama ýetdi. Munuň özi syýahatçylyk ugry hökmünde Gazagystana gyzyklanmanyň artýandygyna şaýatlyk edýär. Bu barada Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi B.Rejepowyň Gazagystanyň Syýahatçylyk we sport ministri E.Maržikpaýew bilen duşuşygynda aýdyldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýahatçylyk we sport ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. 2024-nji ýylyň maý aýynda geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabat şäheriniň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilendigi bellenildi. Ministr öz gezeginde bu derejäniň berilmegi mynasybetli gutlady we sport pudagynda täze üstünlikleriň gazanylmagyny arzuw etdi. Bu ugurda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksady bilen sport pudagynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekişmek teklip edildi.
Söhbetdeşler Türkmenistanyň syýahatçylyk kompaniýalarynyň wekilleriniň Gazagystanda geçirilýän sergilere gatnaşmaklarynyň üsti bilen iki ýurduň arasyndaky syýahatçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge ylalaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda E.Maržikpaýew türkmen tarapyny 2024-nji ýylyň 8-14-nji sentýabry aralygynda Astana şäherinde geçiriljek 5-nji Bütindünýä çarwa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy.


25.06.2026 23:36
5.5k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......