Curiosity mars roweri Gyzyl planetada ilkinji gezek kükürt kristallaryny tapdy

  • 24.07.2024 15:21
  • 6.6k+

2012-nji ýyldan bäri Gyzyl planetany öwrenýän Curiosity roweri garaşylmadyk açyş etdi. Sulfata baý sebiti gözläp ýörkä, Curiosity tötänden bir daşy döwdi we onuň içinde sary arassa kükürt kristallarynyň üýşmegini ýüze çykardy diýip, NASA-nyň Reaktiw hereket laboratoriýasy habar berýär.

Bu Marsda ýüze çykarylan şu hili ilkinji tapyndy. Kükürt esasly minerallar öň Gyzyl planetada tapylan hem bolsa, Curiosity tarapyndan ýüze çykarylan bu dag jynsy elementar kükürtden - wulkan we gidrotermiki işjeňligiň netijesinde Ýer ýüzünde emele gelýän yssyz maddadan ybaratdyr.
Curiosity taslamasyna gatnaşyjy Eşwin Wasawada bu açyş barada “Arassa kükürtden dag jynsyny tapmak - çölde bagçylyk tapmak bilen deň" – diýip, bu tapynda teswir berýär.
Hünärmenleriň sözlerine görä, Marsda elementar kükürt “bolmaly däl” - bu düşündirip bolmajak zat.
Alymlar Curiosity-iň robot goluny we rentgen alfa-bölejik spektrometrini ulanyp, daşyň düzümini kesgitlediler.
Barlagçylar topary Marsda elementar kükürdiň nädip emele gelendigini düşündirip bilmeýär we jogap gözlemek üçin tapyndynyň töweregindäki ýerleri öwrenmegi dowam etdirýär.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....