Türkmenistan Pakistan bilen söwda gatnaşyklaryny we bilelikdäki taslamalary işjeňleşdirmegi ylalaşdy

  • 23.07.2024 19:34
  • 5.8k+

23-nji iýulynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-pakistan bilelikdäki hökümetara toparynyň başlygy, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça pakistan-türkmen bilelikdäki hökümetara toparynyň başlygy, Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammet Yshak Daryň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-inde habar berdiler.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşyldy.
Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny çekmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmegi pikir alyşmalaryň aýratyn ugry boldy.
Şol gün Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasynda Daşary işler ministrleri derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi.
Geňeşmeleriň dowamynda dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Terrorçylyk we kiberjenaýatçylyk ýaly ählumumy howplara we wehimlere garşy göreşmekde bilelikdäki tagallalaryň ähmiýeti nygtaldy. Şeýle hem, Türkmenistan bilen Pakistanyň abraýly halkara we sebit düzümleriniň çäklerindäki işjeň hyzmatdaşlygy, hususan-da iki döwletiň öňe süren başlangyçlaryny we tekliplerini ýurtlaryň özara goldaýandygy bellenildi.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň göwrümini ýokarlandyrmagyň, şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň hem-de energetika we ulag pudaklarynda geljegi uly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar medeniýet we bilim ýaly ugurlarda ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan häsiýetini nygtadylar.


düýn 19:38
3.5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......