Raşid Meredow pakistanly kärdeşi bilen sebitleýin we ählumumy meseleleri maslahatlaşýar

  • 23.07.2024 15:09
  • 3.7k+

Yslamabatda Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň üçünji tapgyry geçirilýär. Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow premýer-ministriň orunbasary we Pakistanyň daşary işler ministri Ishak Dar bilen duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini, sebitleýin howpsuzlygy we ählumumy wakalary maslahatlaşdy diýip, Aaj News habar berýär.

Türkmen wekiliýetiniň Yslamabada saparynyň esasy maksady - söwda, maýa goýum we energetika gatnaşyklaryny berkitmek nukdaýnazaryndan iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bolup durýar. Taraplar şeýle hem sebitleýin hyzmatdaşlygy we medeni alyş-çalyş gatnaşyklaryny giňeltmek mümkinçiliklerine garaýarlar.


düýn 19:38
3.5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......