Täjigistan Türkmenistanyň üstünden geçýän synag demirýol otlusyny ugradar

  • 23.07.2024 14:11
  • 8.3k+

Täjigistanyň ulag ministri Azim Inrohim degişli bölümlere «Hytaý – Täjigistan – Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe – Ýewropa» multimodal geçelgesinde synag demirýol otlusyny guramak hakynda görkezme berdi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugynyň maglumatyna salgylanýan Trend agentligi habar berýär.

Şeýle hem ministr demir ýol wagonlaryny we lokomotiwleri täzelemegiň, pudagy sanlaşdyrmak boýunça işleri güýçlendirmegiň, Eýranyň Çabahar portuny goşmak bilen logistika merkezlerini gurluşygynyň, ýük we ýolagçy gatnawynyň göwrümini giňeltmegiň, onuň hilini kämilleşdirmegiň, şeýle-de täze üstaşyr demirýol ugurlarynyň gurluşygynyň zerurdygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasyndaky 2023-nji ýylyň maýynda Duşanbe şäherinde geçirilen duşuşykda ulag pudagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hökmünde görkezildi.

Duşuşygyň barşynda «Hytaý – Täjigistan – Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe» multimodal geçelgelerini özünde jemleýän täze halkara ulag geçelgelerini döretmäge hem-de olaryň netijeliligi ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berildi.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......