Dzýudoçylar Rahymow we Pardaýewa Pariž Olimpiadasynda Türkmenistana wekilçilik eder

  • 17.07.2024 13:35
  • 8.1k+

Ýene sanlyja günden badalga aljak Pariždäki Olimpiýa oýunlarynda dzýudo dissiplinasynda Türkmenistana iki türgen wekilçilik eder. Olar Hojambaz etrabyndan 20 ýaşly Serdar Rahymow we Köýtendagdan 19 ýaşly Maýsa Pardaýewa diýip, resmi türkmen metbugaty habar berdi.

Dzýudoçylaryň ikisiniň hem halkara ýaryşlarynda çykyş etmekde uly tejribesi bar. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Serdar Rahymow şu ýylyň maý aýynda Duşanbede geçirilen “Uly tuwulga” (Grand Slam) ýaryşynda altyn medal alan ilkinji türkmen dzýudoçysy boldy. Şeýle-de, ol Rigadaky açyk Ýewropa Kubogynyň we Warşawadaky açyk Ýewropa çempionatynyň kümüş baýragynyň eýesidir.
Maýsa Pardaýewa Warşawadaky açyk Ýewropa çempionatynyň altyn medalynyň we 2023-nji ýylyň XIX tomusky Aziýa oýunlarynyň bürünç medalynyň eýesidir. Şeýle-de, ol Duşanbede geçirilen Grand Slam ýaryşynda iň güýçlüleriň bäşligine girdi we Daşkentde geçen 2023-nji ýylyň Aziýanyň Kubogynda altyn medal gazandy. Ol Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talybydyr.
Türkmen dzýudoçylaryny Olimpiada ýaponiýaly tälimçi Kazuhiko Tokuno taýýarlady, ol 2023-nji ýylyň aprel aýyndan bäri erkekler we zenanlar ýygyndysyna tälim berýär. Tokuno 7 dan gara guşagyň eýesi, Aziýanyň ençeme gezek çempiony we dünýä çempionatlarynyň baýrak eýesidir.
Fransiýanyň paýtagtynda Olimpiýa oýunlary – 2024 26-njy iýuldan 11-nji awgust aralygynda geçiriler. Dzýudo boýunça ýaryş resmi açylyş dabarasyndan bir gün soň başlar we ýedi gün dowam eder.


18.06.2026 14:40
4.2k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......