Dzýudoçy Serdar Rahymow Duşenbede «Uly tuwulga» ýaryşynda altyn medal gazandy

  • 06.05.2024 11:02
  • 8.1k+

3-5-nji maý aralygynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilen «Uly tuwulga» ýaryşynda 66 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden türkmenistanly dzýudoçy Serdar Rahymow altyn medala mynasyp boldy. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.

20 ýaşly türgen altyn medala uzaýan ýolda möhüm ýeňişleriň bäşisini gazandy. Ol mongoliýaly türgen Býambasuren Ulziibaýardan, kanadaly Ýuliýen Fraskadordan, täjigistanly Mulorajab Hakifaýewden, özbegistanly Bobur Wajiýewden we final tutluşygynda täjik türgeni Obid Jebowdan üstün çykdy. Şeýlelikde, Serdar özüniň halkara üstünlikleriniň hataryna sport ýolunda ilkinji gezek «Uly tuwulga» ýaryşlarynyň altyn medalyny goşdy. Onuň, mundan başga-da, sebitleýin kubok ýaryşlarynda bir altyn, iki kümüş, açyk çempionatlarda bolsa iki kümüş medaly bar.


«Uly tuwulganyň» çempionlygy Serdaryň şu ýylyň tomsunda Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak mümkinçiligini has ýokarlandyrdy. Ol bu ýeňişden soň reýting utugyny 1224-e çykardy. Serdar öňümizdäki halkara ýaryşlarda hem üstünliklerini gaýtalap bilse, Pariž — 2024-iň dzýudo boýunça ýaryşlaryna gatnaşjak ikinji türgenimiz bolup biler. Häzirlikçe bu hukuga zenanlaryň arasynda 57 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşýan 19 ýaşly türgenimiz Maýsa Pardaýewa mynasyp bolupdy.
Ýeri gelende aýtsak, Maýsa hem Täjigistandaky «Uly tuwulga» ýaryşynda öz agram derejesinde iň güýçli türgenleriň ilkinji bäşligine girmegi başardy. Deslapky tapgyrlarda azerbaýjanly Açelýa Toprakdan, polşaly Arleta Podolakdan, «A» toparçasynyň ýeňiji bolmak ugrundaky tutluşygynda kanadaly Jessika Klimkaitden asgyn geldi. Muňa garamazdan, ilkinji iki ýeňşi Maýsa bürünç medal ugrundaky göreş alyp barmaga mümkinçilik berdi. Bu göreşde, ilki bilen, germaniýaly Pauline Starkeden üstün çykan ildeşimiz bürünç medalyň eýesini kesgitlejek tutluşykda italiýaly Weronika Toniolodan asgyn gelip, ýaryşy bäşinji orunda tamamlady. Bu netije hem Maýsa täze reýting utuklaryny gazandyrdy. Ol häzir zenanlaryň arasynda 57 kilograma çenli agram derejesinde Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak türgenleriň arasynda utuklarynyň mukdary boýunça 21-nji orny eýeleýär. Bu orun biziň ildeşimize dünýäniň iň iri sport baýramçylygynda ýaryşmaga doly hukuk berýär. Ýöne öňümizdäki ýaryşlarda Maýsanyň ilkinji 20-lige girmäge hem mümkinçiligi bar.
19 — 24-nji maý aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçiriljek dünýä çempionaty Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin ýollanma almagyň iň aýgytlaýjy tapgyrlarynyň biri bolar. Şu günler Türkmenistanyň dzýudo boýunça milli ýygyndysynyň tälimçiler we türgenler düzümi dünýä çempionatyna ýokary derejede taýýarlyk görýärler.


03.06.2026 17:49
3.7k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......